- sabyrlylyk
- Sabry-karary barlyk, takatlylyk, kararlylyk, gyssanmazlyk.∙ Men olary ýadaman, ýaltanman, gaharlanman, mähir bilen, sabyrlylyk bilen terbiýeledim. («Sowet Türkmenistany» gazeti)∙ Artyk, Aýna berlen azaby eşitse-de, ot bolup tutaşsa-da, sabyrlylyga saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem sabyrlylyk - sabyrlylygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.